milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.08.2022 364 Habarlar

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen içeri syýasatyň birnäçe meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 31 ýyllygy mynasybetli birnäçe dabaraly çäreleriň, taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalaryň geçiriljekdigini aýdyp, şolara häzirki günlerden ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi. Şanly sene mynasybetli guraljak dabaralaryň, medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy we pudaklaryň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen resminamalar kabul edildi.