milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.12.2022 640 Habarlar

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.