milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.09.2022 278 Habarlar

23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda», «Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda», 1 müň sany «Toyota Coaster» kysymly orta synply we 250 sany «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobuslary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda Kararlaryň taslamasy hödürlenildi.

Hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, Türkmenistanyň Suw kodeksine hem-de «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Halkara derejede geçiriljek çäreleriň hatarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergini we ylmy maslahaty, «Dizaýn — 2022» Aşgabat forumyny we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergini, «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly; «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.