milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
10.09.2022 387 Habarlar

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işleriň wajypdygyna wise-premýerleriň ünsüni çekdi we bu işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.