milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.02.2023 407 Habarlar

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet býujetiniň girdejilerini we çykdajylaryny meýilleşdirilen möçberlerde amal etmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek zerurdyr. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,1 göterim artykdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Pudak ýolbaşçylary tarapyndan işleriň belli bir derejede alnyp barylýandygyna garamazdan, heniz pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler we öňümizde durýan wezipeler köp. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow indiki hepdede ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we häkimleriň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigine ünsi çekdi. Mejlisde geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemleniler, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi seljeriler, döwlet dolandyryşy bilen bagly birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu gün ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we ençeme beýleki meselelere seredilendigini, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belledi.