milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.01.2023 543 Habarlar

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçiriler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Hökümeti, ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm meselelere ünsi çekdi hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça bellenen çäreleri öz wagtynda amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.