milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.12.2022 440 Habarlar

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, wise-premýerlere birnäçe görkezmeleri berdi.

ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilýän Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça 17-nji mejlisinde ýurdumyzyň hödürlän «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak barada biragyzdan çözgüt kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy bu möhüm halkara çözgüdiň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we pudaklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.