milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
10.12.2022 345 Habarlar

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ýene-de birnäçe günden biz uly baýramy — Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçeris diýip nygtady hem-de ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýar durmuş we uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ählihalk baýramlarynyň öň ýanynda günäleriniň geçilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Asylly däbe eýerip, döwlet Baştutanymyz iş kesilen 308 raýatyň ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda bu başlangyjyň goldanylandygyny, şonuň netijesinde «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini nygtap, ýygnananlary hem-de ähli türkmen halkyny ýurdumyzyň dünýä giňişliginde gazanan bu uly we möhüm üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara, «Türkmenistanyň Katar Döwletinde (Doha şäheri) ilçihanasyny açmak hakyndaky» Permana gol çekdi.

Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň işgärleriniň maşgalalaryna ýaşamak üçin döwrebap şertleri döretmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) ilçihanasynyň işgärleri üçin 12 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda» Karara gol çekdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe Kararlara — «Täjigistan Respublikasynda 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumyny gurmak hakynda»; «Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkezini döretmek hakynda»; «Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda» Kararlara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýdyp, degişli resminama gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy.