milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
17.12.2022 679 Habarlar

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýerleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabatlary diňlenildi. Gün tertibine şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň işinde bar bolan kemçiliklere garamazdan, şu ýyl milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşiniň saklanýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy hem ýokarlanýar. Döwlet býujetine serişdeleriň gelip gowuşmagy bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary tassyklanan tertibe laýyklykda tölenýär.

Umuman, şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzda kanagatlanarly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, muňa garamazdan, yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň daşary syýasat babatda hem netijeli we baý many-mazmunly bolandygyny aýdyp, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň halkara giňişlikde dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýandygyny belledi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmegi munuň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.