milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
22.12.2022 940 Habarlar

21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlis başlamazdan ozal, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde alnyp barylýan işler, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň çyzgylary, şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, şu mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 3-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçiren iş maslahatynda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly degişli ýolbaşçylaryň hasabatlarynyň diňleniljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, ýaýbaňlandyryljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň milli ruha kybap derejede guralmalydygyna ünsi çekmek bilen, bu taryhy ähmiýetli waka eýýäm häzirden taýýarlyk görmelidigini belledi we birnäçe ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.