milli goshun logo
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY TÄZE BINALAR TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDYLAR
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY TÄZE BINALAR TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDYLAR
21.08.2022 663 Habarlar

20-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň degişli gulluk, ýokary derejeli ýaşaýyş şertlerini döretmek boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde täze binalar toplumynyň toý bagyny kesdi hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan binalar toplumyna girdi. Bu ýerde harby gullukçylaryň ýokary derejeli gullugy we oňaýly dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň ýolbaşçysy Ç.Amanow toplumyň çäginde gurlan binalar, olarda döredilen mümkinçilikler barada hasabat berdi hem-de harby gullukçylar üçin niýetlenen naharhana, esgerleriň ýatakhanasy, olardaky şertler we beýleki ugurdaş desgalaryň aýratynlyklary, harby gullukçylaryň ýerine ýetirýän hojalyk işleriniň ugurlary bilen tanyşdyrdy.