milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty
13.11.2022 550 Habarlar

12-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibinde «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» kararyň taslamasyna garaldy. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deputatlaryň garamagyna çykarylan resminamalar Mejlisiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.