Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç
BERDIMUHAMEDOWY «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany
bilen sylaglamak hakynda
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna
esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar.
Ata-babalarymyzdan miras galan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly ýurdumyz dünýä
döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
has-da ösdürýär.
Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň
durmuşa geçirýän nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk
ýagdaýy dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň işjeň
guralyna öwrülýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän
«Dialog — parahatçylygyň kepili» konsepsiýasy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň
mundan beýläk-de ýokarlanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik
Bitaraplygyny pugtalandyrmak, Watanymyzyň halkara bileleşikdäki belent abraýyny
berkitmek, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrmak, ählumumy
halkara maksatnamalary durmuşa geçirmek, daşary ýurt döwletleri we halkara
guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek işine goşan uly şahsy goşandyny,
döwletimiziň bähbitlerini goramakda, at-abraýyny has-da belende götermekde,
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde
bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara almak bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk
güni mynasybetli, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç
Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany
bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy
G.MÄMMEDOWA.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji dekabry.