milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde geçirilen duşuşykda Türkiýäniň Parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde geçirilen duşuşykda Türkiýäniň Parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
19.11.2022 309 Habarlar

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda saparda bolýan parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen parlamentiniň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çäkli görnüşde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen geçirilen duşuşygyň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýe Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy hem-de wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kanun çykaryjylyk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglylykda, alyp barýan esasy iş ugurlary hem-de wezipeleri, parlamentiň düzümi bilen tanyşdyryldy. Bu ulgamyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi döwlet ösüşiniň giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşyny has-da çaltlandyrmaga ýardam berer.