milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
20.11.2022 504 Habarlar

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Onda 9-njy noýabrda Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň işine gatnaşmaga köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle-de komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Olarda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar berildi.