milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
15.12.2022 239 Habarlar

14-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Dostluk, ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. 30 ýylyň dowamynda ýurtlarymyz tarapyndan dürli derejelerdäki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly tagallalaryň edilendigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine deglip geçildi. Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan bu gurama synçy derejesinde goşulyşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.