milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
15.12.2022 183 Habarlar

14-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň häzirki döwrüň ählumumy wezipeleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň ilerledilişi, şeýle hem olaryň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giňden goldanylýandygy barada aýtmak bilen, türk işewüri şol başlangyçlaryň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Hazaryň kenarynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitiň hem-de onuň jemleri boýunça kabul edilen resminamalaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly şertnamalaýyn-hukuk binýadyny emele getirjekdigine ynam bildirdiler.