milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
12.11.2022 284 Habarlar

11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar döwrüň synagyndan geçen mizemez dostluga hem-de hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar.

Biziň döwletara gatnaşyklarymyza mahsus bolan özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi bize ýygy-ýygydan duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Baştutanynyň ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparyny mähirlilik bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol sapar döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda möhüm waka boldy.