milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
22.10.2022 257 Habarlar

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda, döwletlerimiziň halklaryny birleşdirýän taryhy gatnaşyklary, medeni we ruhy umumylygy häzirki döwürde strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda türkmen-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, iki doganlyk halkyň dostlugyny, hoşniýetli goňşuçylygyny berkitmek üçin möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyk tamamlandan soň, Gahryman Arkadagymyz özbek Liderine türkmen alabaýyny sowgat berdi. Oňa Alabaý diýen ady dakdylar.