milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mary welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mary welaýatyna iş sapary
13.11.2022 195 Habarlar

12-nji noýabrda Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, kärendeçi daýhanlaryň netijeli zähmetiniň üpjün edilmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölüm müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Gurbandurdy Nowruzow bilen söhbetdeş boldy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylarynyň we Mary welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk işlerini talabalaýyk alyp barmak we pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.