milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
12.11.2022 264 Habarlar

11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyrylan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy. Bellenilişi ýaly, yzygiderli geçirilýän gepleşikler hem-de döwlet we Hökümet derejesindäki özara saparlar köp babatda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmegine ýardam edýär. Munuň özi özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.