milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
10.12.2022 322 Habarlar

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşler iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň uly mümkinçiligini peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliginiň ulanylmagyna üns çekildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý döwletara gatnaşyklara iki ýurduň özara düşünişmeginiň hem-de ýakynlaşmagynyň möhüm guraly hökmünde garap, mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.