milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
12.11.2022 255 Habarlar

11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistany we Azerbaýjan Respublikasyny köpasyrlyk taryh, däp bolan dostlukly gatnaşyklary, ynanyşmak, özara düşünişmek, halklarymyzyň medeni we ruhy taýdan umumylygy baglanyşdyrýar. Söhbetdeşler bilelikdäki tagallalaryň netijesinde häzirki döwürde bu gatnaşyklaryň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny belläp, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini nygtadylar. Şunda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigi tassyklanyldy.