milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
28.08.2022 465 Habarlar

27-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Bu ýerde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Awaza derýasynyň çekilmegi bilen ynsan saglygy üçin ýakymly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň saglygy we ýokary derejeli dynç alşy ugrunda edilýän aladanyň döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.

Soňra hormatly Arkadagymyz Awazanyň çägi boýunça guran gezelenjini welosipedde dowam etdi.