milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11.2022 619 Habarlar

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de asudalygy üpjün etmek, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini, iň häzirki zaman tehnikalarynyň we enjamlaryň satyn alynýandygyny, serkerdeleriň, esgerleriň söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlanýandygyny nygtady. Munuň özi Milli goşunymyzyň harby kuwwatynyň, harby gullukçylaryň söweşjeň ussatlygynyň gözden geçirilişi bolup durýan bilelikdäki görkezme-taktiki okuwlaryň barşynda-da ýüze çykýar. Görülýän ähli anyk çäreler Watanymyzyň howpsuzlygyny, onuň mukaddes serhetleriniň goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bitaraplyk hukuk derejesine pugta ygrarlydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli saklaýandygy bellenildi. Şu ýörelgelere esaslanyp, Harby doktrinamyz diňe goranyş häsiýetine eýedir, şoňa laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş ukyby pugtalandyrylar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça mundan beýläk-de uly işleriň amala aşyryljakdygyna, serkerdeleriň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikleriň dörediljekdigine aýratyn üns çekildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meselelere-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.