milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.10.2022 361 Habarlar

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz türkmen döwletinde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň wezipelerini üstünlikli çözmek, döwletimiziň konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini goramak, jemgyýetimizde parahatçylygy, asudalygy üpjün etmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň utgaşykly işini ýola goýmagyň wajypdygyny belledi. Milli goşunymyzyň ähli kysymlaryny we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini dünýäniň ösen tejribesini, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak arkaly döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.