milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
09.12.2022 509 Habarlar

8-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky mesele girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe geçirilen işler, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly çäreler, şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen harby-taktiki okuwlaryň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, Ýaragly Güýçler üçin işgärleri taýýarlamak we durmuş ugurly meseleleri çözmek barada-da aýdyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň raýatlaryny Ýaragly Güýçlerden gullukdan boşatmagyň we harby gulluga çagyrmagyň barşy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Ýaragly Güýçlerimizi ösdürmek Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Baş prokuror döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň galla kärhanalarynyň işi babatda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, käbir ýolbaşçylar we işgärler wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, ýygnalan bugdaý hasylyny bikanun eýeläp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdirler. Şeýle-de prokuratura edaralary tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň käbir ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, para almaklary bilen baglanyşykly jenaýatçylykly etmişleri ýüze çykaryldy. 

Şeýlelikde, aýyplanýanlaryň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan bikanun girdejileri, kazyýetiň hökümi bilen, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we bikanun baýamagyň närsesi hökmünde döwletiň haýryna geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda döwletimiziň howpsuzlygyny, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny korrupsiýadan gelip çykýan howplardan goramak, jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda korrupsiýanyň gutarnykly ýok edilmegini gazanmak üçin maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.