milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
09.09.2022 828 Habarlar

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepilidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, degişli görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde gurluşygy alnyp barylýan täze atçylyk toplumyna bardy.

Bu ýerde içeri işler ministri hormatly Prezidentimize toplumyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan athanada ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berip, degişli desgalaryň taslamalaryny görkezdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olar babatda degişli belliklerini aýtdy hem-de atçylyk toplumynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütleriň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydygyny belläp, degişli tabşyryklary berdi.