milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
01.05.2019 627 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2019-njy ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlis Garagum sährasynyň gözel künjeginde geçirildi.