milli goshun logo
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
02.07.2019 404 Habarlar

1-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda işleýän agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň baştutanlary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy ÝUNISEF-iň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili, şeýle hem BMGÖM-niň, HMG-niň, ÝUNFPA-nyň, BMG-niň Neşekeşlige we jenaýatçylyga garşy müdiriýetiniň, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilleri hem-de Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky toparlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda bilelikde geçirilen işleriň netijeleri jemlenildi, şeýle hem öňdäki döwür üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, bilelikdäki meýilnamalary we hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini belläp, yzygiderli goldawy üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we oňa seslenmegi utgaşdyrmakda Hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.