milli goshun logo
Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçiriljek dünýä ähmiýetli forum
Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçiriljek dünýä ähmiýetli forum
11.08.2019 418 Habarlar | Bitaraplygyň mekany

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Astrahanda bolan IV sammitinde hemişelik hereket edýän Hazar ykdysady forumyny döretmek we onuň mejlislerini biziň döwletlerimiziň kenarýaka şäherlerinde gezekli gezegine geçirmegi teklip edipdi.

Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjy 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda geçirilen V sammitiň jemleýji resminamasynda ähli Hazarýaka döwletleri tarapyndan berkidildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekde, syýasy-diplomatik, hukuk, söwda-ykdysady binýady has-da berkitmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.

«Milli goşun».