milli goshun logo
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary
14.12.2022 282 Habarlar

13-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly ýurtlaryň energetika, ulag ulgamlarynyň hem-de daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen duşuşyklarda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen we gol çekilmäge taýýarlanylan resminamalary ylalaşmak meselelerine garaldy.

Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem oňyn hyzmatdaşlyga yzygiderli ygrarly döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, doganlyk ýurtlar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermegi maksat edinýär. Munuň şeýledigine üç döwletiň Baştutanlarynyň — Serdar Berdimuhamedowyň, Ilham Aliýewiň hem-de Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda 14-nji dekabrda geçiriljek gepleşikler şaýatlyk edýär.