milli goshun logo
Ulag ulgamyna degişli halkara forumyň netijeleri boýunça brifing
Ulag ulgamyna degişli halkara forumyň netijeleri boýunça brifing
18.08.2022 516 Habarlar

17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň hem-de oňa gabatlanyp guralan çäreleriň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» diýen ugur boýunça forum Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guraldy.

15-16-njy awgustda utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata onlarça döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu forumy geçirmek başlangyjy Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylda kabul edilen degişli Kararnamada berkidildi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan brifinge Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.