milli goshun logo
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň täze ilçisi akkreditirlendi
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň täze ilçisi akkreditirlendi
24.04.2019 514 Habarlar

23-nji aprelde Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasim Mohamad Salim Al-Salhini (oturýan ýeri Ankara ş.) Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Parlamentiň Başlygy Oman Soltanlygynyň ygtyýarlandyrylan wekilini ýokary diplomatik wezipesine bellenmegi bilen gutlady, Türkmenistanyň we Omanyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikirleri alyşdylar hem-de Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge taýýarlyklaryny nygtadylar.