milli goshun logo
Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maslahaty geçirildi
Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maslahaty geçirildi
11.12.2022 300 Habarlar

10-njy dekabrda türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan, BMG-niň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabr aýynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýada şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Şu ýyl Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna başlyklyk edýär. Biziň ýurdumyz bu guramanyň çäklerinde halkara guramalar hem-de oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen dürli ulgamlarda — gender deňligini, parahatçylykly we durnukly ösüşi, daşky gurşawy goramagy üpjün etmekde, zenanlar telekeçiligini goldamakda, kanunçykaryjylyk derejesinde hem-de döwlet syýasaty derejesinde zenanlaryň durmuş goraglylygyny kämilleşdirmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýar.

Maslahatda Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna-da aýratyn üns berildi. Ol ýurdumyza energetika, ekologiýa, lukmançylyk we medeniýet diplomatiýasyny, şeýle hem «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesini ilerletmäge, ilatyň durmuş goraglylygyna gönükdirilen kanunçylygy tassyklamak boýunça tagallalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. 

Mejlisiň ahyrynda jemleýji resminama kabul edildi. Onda şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ýerine ýetirilen ähli çäreler görkezildi we özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary kesgitlenildi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen syýasaty amala aşyrýandygy tassyklanyldy. Mejlise gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogyna goldaw berýändikleri üçin sebitiň döwletleriniň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler.