milli goshun logo
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilýär
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilýär
17.12.2022 575 Habarlar

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» şygary astynda tutuş ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlanýar.

Ilat ýazuwynyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr, şeýle maglumatlar döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak, meýilnamalaşdyrmak hem-de dolandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ilatyň sanynyň bölünişi hem-de häsiýetnamalary baradaky maglumatlar döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi, abadançylygy we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.

Raýatlaryň ilat ýazuwyna gatnaşmaklary meýletinlik ýörelgesine esaslanýar, emma şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy bu çäräniň jemgyýetçilik ähmiýetine anyk düşünmelidir, raýat jogapkärçiligini duýmalydyr.