milli goshun logo
Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi
Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi
14.11.2022 351 Habarlar

13-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde ýurdumyzda giňden bellenilýän hem-de ekerançylaryň tutanýerli zähmetine, sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla bolan ählihalk buýsanjyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi.

Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýyl oba zähmetkeşleriniň uly üstünliklerine beslendi. Ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ýygnaldy. Türkmen gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli berjaý edip, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar 1 million 500 müň tonna golaý bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Gök, miwe we bakja önümleriniň hem bol hasyly ýygnalyp alyndy. Hasyl toýunyň öň ýanynda Balkan welaýatynyň pagtaçylary «ak altyn», Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa şaly ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Ýylyň başyndan bäri obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,8 göterime deň boldy. Gök önümleri öndürmek boýunça meýilnama 118 göterim, bakja ekinleri boýunça 110,1 göterim, çörek we çörek önümleri boýunça meýilnama 105,3 göterim berjaý edildi.