milli goshun logo
Türkmenistan we BMG adam hukuklar babatynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirýärler
Türkmenistan we BMG adam hukuklar babatynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirýärler
08.11.2022 326 Habarlar

2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebit wekili Rişard Komenda bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG AHÝK-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilşini we Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary boýunça konwensiýalarynyň düzgünlerini durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin Pudagara toparynyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.