milli goshun logo
Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi
Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi
08.02.2023 364 Habarlar

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.

Biziň ýurdumyz halkymyzyň özboluşly milliligine mahsus bolan ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, tebigy betbagtçylyk baradaky habara dessin seslenip, taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň köpasyrlyk umumylygy birleşdirýän doganlyk halk üçin ynsanperwerlik kömegini ugratdy. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde berilýän goldaw hem-de şeýle çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.