milli goshun logo
Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023» atly halkara ykdysady foruma gatnaşýar
Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023» atly halkara ykdysady foruma gatnaşýar
18.05.2023 497 Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023» atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşýar.

Forumyň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmekden ybarat bolup durýar. Çäräniň maksatnamasyna onlarça sessiýalar girizildi, şol sanda, «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag ugrunyň ösdürilmegine bagyşlanan mowzuga-da serediler.

Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi gatnaşýarlar.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň birnäçe resmi duşuşyklary meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde halal önümçiligine bagyşlanan «Russia Halal Expo» atly halkara sergisi geçirilýär. Onda Türkmenistanda öndürilen önümler hem ýerleşdirildi.