milli goshun logo
Türkmenistan — Russiýa: parlamentara gatnaşyklaryň täze derejesi
Türkmenistan — Russiýa: parlamentara gatnaşyklaryň täze derejesi
03.11.2022 341 Habarlar

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etdi hem-de Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda duşuşyk geçirdi.

Çykyşynyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy parlament diplomatiýasynyň halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy we açyklygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşmaga, dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn itergi bermäge, ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň, esasy halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň ýoýulmagyna ýol bermezlige gönükdirilendigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dünýäde döredilen parlament birleşikleriniň, ilkinji nobatda, olaryň iň irisiniň we abraýlysynyň — Parlamentara Birleşigiň orny ýokarlanýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra hormatly Arkadagymyzyň awtomobil kerweni Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň binasyna tarap ugrady. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda netijeli türkmen-rus gatnaşyklaryny okgunly ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň eýeleýän möhüm orny nygtaldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, şeýle-de bilelikdäki çäreleri guramak arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi. Taraplaryň pikirine görä, hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam bermelidir.