milli goshun logo
Türkmenistan — Russiýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk diwersifikasiýalaşdyrylýar
Türkmenistan — Russiýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk diwersifikasiýalaşdyrylýar
20.01.2023 550 Habarlar

19-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Günüň birinji ýarymynda «tegelek stoluň” başynda duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda senagat kooperasiýasy we gurluşyk önümçiligi, innowasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, ulag-logistika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meýilleri we ýollary barada pikir alyşmalar boldy. Bilim edaralarynyň ugry boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlyk meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň arasynda duşuşyklar geçirildi. Olaryň çäklerinde dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy.

Çykyşlarda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, sebitleriň ösdürilmegine, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleriň, şol sanda bar bolan uglewodorod we mineral serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň hasabyna giňeldilmegine, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary hasaba almak bilen, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, senagat pudagynda we gurluşyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi.