milli goshun logo
Türkmenistan Pakistan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini ugradar
Türkmenistan Pakistan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini ugradar
03.09.2022 512 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary, azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Pakistan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermäge borçly edildi.