milli goshun logo
Türkmenistan — Azerbaýjan: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
Türkmenistan — Azerbaýjan: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
08.12.2022 686 Habarlar

7-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy.

Iki doganlyk halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parlamentara gatnaşyklara möhüm orun degişlidir, şunda parlament diplomatiýasynyň ilerledilmegine uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ýaşlar syýasaty, zenanlaryň meseleleri boýunça özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy gol çekmäge taýýarlanylan ikitaraplaýyn resminamanyň ähmiýetini nygtady. Bu resminama türkmen-azerbaýjan parlamentara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Soňra duşuşyk iki ýurduň parlament wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekýärler.

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany okalýar. Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy bu sylaga türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy.