milli goshun logo
Türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze sahypasy
Türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze sahypasy
27.10.2023 415 Habarlar

Ozal habar berşimiz ýaly, 25-26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda resmi saparda boldy. Saparyň barşynda hormatly Prezidentimiz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Soňra döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynda geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisi bilen tanyşdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň dowamynda belent münberden çykyş etdi.  Soňra bu forum iki ýurduň degişli döwlet we işewürlik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda bar bolan kuwwaty we uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutup hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe süren tekliplerinden ugur alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň jemleri boýunça türkmen we türk telekeçileriniň arasynda dürli ulgamlarda, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, obasenagat toplumy, azyk senagaty pudagy, ugurdaş enjamlary satyn almak babatda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Günüň ikinji ýarymynda «Aksaraý» köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda  ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypa bolup ýazyldy.