milli goshun logo
Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladanyň nyşanydyr
Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladanyň nyşanydyr
07.11.2022 408 Habarlar

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumuzu bagy-bossanlyga büremegiň güýzki möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan çärä täze merkeziň ýolbaşçylary, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ilkinji bag nahalyny oturtdy. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi hormatly Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny oturtmaga girişdiler.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşy bilen gyzyklanyp, ýol ugruna ady rowaýata öwrülen Akhan atly ajaýyp bedewiň heýkeliniň ýanynda saklandy.

Bu ýerde welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew alnyp barylýan gurluşyk işleri barada maglumat berdiler.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ak mermerli Aşgabadyň eteklerinde alnyp barylýan işler, aýratyn-da, paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde döredilen tokaý zolaklary bilen tanyşdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekow hem-de paýtagtymyzyň häkimi R.Gandymow hormatly Prezidentimiziň aýdan tankydy bellikleriniň ýerine ýetirilişi we bu ugurda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdiler.