milli goshun logo
«Türkmen sährasy – 2019» awtoulag sergisi
«Türkmen sährasy – 2019» awtoulag sergisi
12.08.2019 5377 Habarlar | Bitaraplygyň mekany

Hazar deňziniň halkara ulag geçelgesi hökmündäki ornuny ösdürmek strategik ugurlaryň biri bolup, ilkinji gezek geçirilýän Hazar ykdysady forumda bu babatda hem netijeli pikir alyşmalar geçirildi.

Forumyň çäklerinde guralan «Türkmen sährasy – 2019» atly halkara serginiň Hazar deňziniň halkara ulag geçelgesi derejesini ösdürmäge işjeň täsir etjekdigi ikuçsuzdyr.

«Türkmen sährasy – 2019» halkara sergisi dünýäniň awtomobil gurluşy ulgamynyň ýeten derejesini şöhlelendirdi.

Örän uly meýdançany gurşap alýan halkara sergide ýeňil, ýolagçy we ýük awtoulaglarynyň, ýörite tehnikalaryň täze görnüşleri, awtomobil gurluşynda täze işläp taýarlamalar, audio-wideo serişdeleri görkezildi. Bu serginiň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen hünärmenleriň, gyzyklanma bildirýän taraplaryň işewür duşuşyklary hem guraldy.

Suratlar üçin «Multimediýa».

«Milli goşun».