milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
17.04.2023 376 Habarlar

15-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň umumy taryhy-medeni köklere, müňýyllyklara uzap gidýän däp-dessurlara daýanýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen dürli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagy bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki döwletiň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine netijeli işleri alyp barmaga taýýardygyny belledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, möhüm ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi.