milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
01.03.2023 232 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy doglan güni bilen gutlady.

«Siz türkmen halkynyň öňden gelýän we mähriban dosty bolup durýarsyňyz. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylan işlere ýokary baha berýäris. Biziň hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdüriljekdigine berk ynanýaryn» diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň gutlag hatynda bellenilýär.