milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
30.04.2023 564 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn ähmiýet berilýär. Ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen maksatlara ýetmek üçin bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynanýaryn» diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli halkara işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.